744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
22.09.2023
HHR-iň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti bilen strategiki başlangyçlary ilerletmäge we energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi. «Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu ýylyň ýanwarynda Siz Hytaýa üstünlikli sapary amala aşyrdyňyz. Maý aýynda Siz “Hytaý — Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek Hytaýa geldiňiz. Saparyň barşynda biz Siziň bilen dostlukly, netijeli pikir alyşmalary geçirdik hem-de esasy ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklary gazandyk. Munuň özi hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy» diýlip Gutlagda aýdylýar. «Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, Siziň bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardyryn» diýip Si Szinpin belleýär.