744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
04.10.2023
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar. Foruma milli we halkara energetika uniwersitetleriň, energetika uniwersitetleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri ýygnandylar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri girdi. Maslahatyň barşynda bilim bermekligiň uglerod-bitarap ulgamlary we ylmyň hem tehnologiýanyň geljegi boýunça tematiki mejlisler geçirildi, şeýle hem uglerod-bitarap ulgamlary ösdürmek boýunça hünärmenler çykyş etdiler. Mejlisleriň çäklerinde uglerod bitaraplaryny gazanmak we «ýaşyl» energetika geçmek boýunça gazanylanlar bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Forumyň barşynda HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow «Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar» temasy boýunça çykyş etdi. Halkara forumyň geçirilmegi uglerod bitaraplygyny üpjün etmek we adamzadyň durnukly ösüşi üçin ählumumy energetikada ylym, bilim we tehnologiýalar ulgamynda ýaş zehinleriň arasynda pikir alyşmalary ösdürmäge, bilimleri artdyrmaga ýardam etdi. Pekinde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň nebit uniwersiteti Ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Hytaýyň nebit uniwersiteti (China University of Petroleum) HHR-iň Bilim ministrliginiň garamagynda bolan iri milli uniwersitetdir. Ol ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamaklyga gönükdirilen «Taslama 211» atly milli uniwersitetleriň we kollejleriň taslamasyna gatnaşýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar, dünýäniň ylym we bilim giňişligine işjeň gatnaşýar, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri we iri pudaklaýyn kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hytaý bilen hyzmatdaşlyk Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda şeýle hem Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy bilen baglaşylan Ähtnamanyň esasynda alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ylmy we bilim häsiýetli dürli çäreler geçirilýär.