Geçen hepdede «ÝB Türkmenistanda «ýaşyl» ösüşiň ugrunda: syýasy dialog we howa boýunça 2024 — 2029-njy ýyllar üçin işjeňlik» atly taslamanyň çäginde wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary guraldy. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guralan bu çäre «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmegiň ösen tehnologiýalaryna bagyşlandy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hem-de Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň degişli hünärmenleri gatnaşdylar.
Onlaýn okuwy «GHGSat» kompaniýasynyň baş bilermeni Lola Odunsi alyp bardy. Şeýle hem çärede kompaniýanyň bilermenleri Zak Kusnir we Benoit Linselle dagy ýörite prezentasiýalar bilen çykyş edip, gatnaşyjylara emeli hemra arkaly gözegçilik etmegiň ýokary çözgütli esaslaryny we bu tehnologiýalaryň senagatda giňişleýin ulanylyşyny düşündirdiler.
Sapaklaryň dowamynda «GHGSat» kompaniýasynyň emeli hemralarynyň maglumatlaryny gaýtadan işlemegiň prosesleri, iň soňky tehnologik ösüşler, maglumatlary awtomatik anyklamaklygyň usuly we spektral interpretasiýany geçirmegiň tehnologiýasy seljerildi. Mundan başga-da, sebitleýin mysallar, analitiki maglumatlary täze usullarda işlemek hem-de «OGMP 2.0» we «EC» kadalaşdyryjy nawigasiýalary gözden geçirildi.
Okuwyň ahyrynda «GHGSat» programma platformasynyň görkezilişi boldy we tehniki maslahatlaryň meýilnamalaşdyrylyşy beýan edildi. «Türkmengaz» DK-nyň we Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri degişli ylmy-amaly hem-de tehniki ugurlar boýunça özara sorag-jogap alyşdylar we guraýjylara öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.