744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
05.10.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy. Myhman duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Mikail Jabbarow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Döwlet Baştutany Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we şu gezekki saparyň barşynda geçiriljek duşuşyklaryň, gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň uly ykdysady kuwwata eýedigi hem-de olaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogyň ýetilen ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidir.