Çarşenbe güni Türkmenistanyň Hökümetinde öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen nebitgaz ulgamynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi. M.Jabbarowyň, SOCAR kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen geçirilen duşuşygynda energetika ulgamynda, uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we işläp taýýarlamak, mümkin bolan taslamalary durmuşa geçirmek ulgamynda pikir alyşmalar geçirildi. Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşygynyň barşynda iki ýurduň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garaldy, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. SOCAR-yň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika ulgamynda baglaşylan şertnamalaryň hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm goşantdygy nygtaldy. Şol gün M.Jabbarow wise-premýer, Hökümetara Türkmen-azerbaýjan toparynyň başlygy Batyr Atdaýew bilen duşuşdy. Onuň barşynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri we iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy.