5-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,3 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,4 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 114,3 göterim berjaý edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny nygtady. Toplumyň kärhanalaryny doly güýjünde, bökdençsiz işledip, ýokary hilli önümleri öndürmegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.