744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
10.10.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, döwletara syýasy dialog yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça özara gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Söwda-ykdysady ulgam ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Köp ýyllardan bäri Russiýa ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara haryt dolanyşygy oňyn depgini saklap gelýär. Dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz we senagat ulgamlarynda, beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde sanly tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem geljekde-de netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem türkmen tarapynyň özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.