Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Mehrdad Bazrpaş bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Toparyň nobatdaky mejlisi bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 30-31-nji maýynda Eýrana amala aşyran saparlarynyň ýokary ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Ministrler ýokarda agzalan saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini bellediler.