744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
16.10.2023
Türkmenistanyň Prezidenti: ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek — GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudyr

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Aşgabadyň Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrunyň ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bolup durýandygyny belledi. «Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys» - diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi. «Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol çekildi. Bu resminama soňra kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň esasyny düzdi» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. Strategiýada söwda, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki ileri tutulýan pudaklarda ýakyn gatnaşyklar göz öňünde tutulýar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi — Gara deňiz we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistik mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berilýär.