Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Ogulniýaz Annataganowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlaryň biri boldy. Bäsleşik bilim işgärleriniň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň hünär we jemgyýetçilik işjeňligini höweslendirmek hem-de Garaşsyzlygyň gymmatlyklaryny wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Bu barada «Mugallymlar gazeti» habar berdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilim işgärleriniň we mugallymlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşikde ýurdumyzyň ösüşlerini, Garaşsyzlygyň gazananlaryny, milli gymmatlyklary hem-de halkyň döredijilik ruhuny beýan edýän eserler hödürlendi. Bäsleşigiň jemleýji dabarasy 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirildi.
Ogulniýaz Annataganowa özüniň bu üstünliginiň döredijilik işine bolan höwesini has-da artdyrandygyny belledi.
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolmak meniň üçin uly buýsanç. Bu üstünlik meni mundan beýläk-de yhlasly işlemäge, ýaşlara döwrebap bilim bermäge ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň durmuşynda, medeniýetinde we ykdysadyýetinde uly ösüşler gazanyldy. Biz hem eziz Diýarymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmaga çalşarys — diýip, Ogulniýaz Annataganowa aýtdy.
Ýeňiji mugallym öz döredijilik işiniň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri, ýurdumyzyň ösüş ýoluny we ýaş nesliň bilim-terbiýesine aýratyn ähmiýet berilýändigini beýan etmäge bagyşlanandygyny nygtady.