Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 2025–2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça geçirilen reýting bahalandyrmasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakulteti 25,80 bal bilen ikinji orna, Kiberhowpsuzlyk kafedrasy bolsa 51,36 bal bilen kafedralaryň arasynda ikinji orna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Reýtingiň netijeleri ýokary okuw mekdepleriniň bilim işleriniň hili, ylmy işjeňligi, innowasion ösüşi we halkara bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini görkezýär. Reýting bahalandyrmasynyň jemleri boýunça tapawutlanan ýokary okuw mekdepleri, fakultetler, kafedralar hem-de professor-mugallymlar 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen sylaglaýyş dabarasynda hormatlandy.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 2025–2026-njy okuw ýyly boýunça geçirilen reýting bahalandyrmasynda ýokary netijeleri görkezenleriň hatarynda Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birinji orny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýasy fakulteti fakultetleriň arasynda, şol uniwersitetiň Takyk we tebigy ylymlar kafedrasy bolsa kafedralaryň arasynda birinji orunlary eýeledi.
Bahalandyrmanyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň, fakultetleriniň, kafedralarynyň hem-de professor-mugallymlarynyň bilim, ylym we innowasiýa ugurlaryndaky iş netijeliligi seljerildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli düzgünnamasynda kesgitlenen ölçegler esasynda rating.bilim.tm sanly portalynda awtomatiki hasaplanan netijeler boýunça öňdebaryjy bilim edaralary kesgitlendi.