744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji sentýabrda Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanynyň saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Seulyň ýokary derejeli myhmanlary kabul edýän howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň resmi adamlary tarapyndan mähirli garşylanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik derejede ösdürilip, syýasy dialog, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ugurlaryny öz içine alýar.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlykda nebitgaz, nebithimiýa we gazhimiýa pudaklary möhüm orun eýeleýär. Koreýanyň iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilip, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna mümkinçilik döredilýär.

Ulag-logistika, ekologiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar ugurlary hem türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle hem bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk ösdürilip, koreý dilini öwretmek, akademiki alyşmalar we hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklary “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde hem ösdürilýär. 2007-nji ýylda döredilen bu forum sebitleriň arasynda ynamy pugtalandyrmaga we köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolar.