29-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy.
Duşuşykda myhman Gahryman Arkadagy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Şeýle hem ol Monakonyň Şazadasy Alber II-niň we Şagyzy Stefaniýanyň mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Žoel Buzu türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şu ýylyň ýanwar aýynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi bilen Gahryman Arkadagy ýene-de bir gezek gutlap, türkmen sirk sungatynyň ýeten ýokary derejesini belledi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.
Žoel Buzu ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, bu saparlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.