744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
05.05.2025
Bişkek şäherinde Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika boýunça türkmen-gyrgyz toparynyň ilkinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi

Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilen Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika boýunça türkmen-gyrgyz toparynyň ilkinji mejlisiniň dowamynda birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklary berkidýän Teswirnama gol çekildi.

Olaryň hatarynda üstaşyr daşamalary ösdürmek, multimodal ugurlary giňeltmek, şol sanda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy hem-de nyrh syýasatyna çemeleşmeleri ylalaşmagy öz içine alýan demir ýol, deňiz we awtomobil ulaglary pudagynda hyzmatdaşlyk görkezildi.

Toparyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi