«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa YBTGI-niň ylmy işgärleri, ýaş hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda institutyň hünärmenleriniň gaz, nebit, geologiýa işlerinde ýerine ýetiren we alyp barýan barlag, seljerme işleri, pikirleri, teklipleri diňlenildi. Olar, hususan hem, ýerine ýetirýän ylmy taslamalary, ýagny Gazly köpgümmezli käniniň antiklinal däl ýataklary; nebitgazlylyk babatynda geljegi bar bolan Kükürtlije käniniň geologik-geofiziki maglumatlaryny toplumlaýyn öwrenmek bilen, gözleg guýusyny burawlamaklyga teklip bermek; anomal pes gatlak basyşly guýulary basmarlamakda ulanylýan erginleri işläp düzmek üçin geçirilen barlaglar; gaz we gazkondensat känleriniň karbonat önümli gatlaklarynyň syzdyryjylygyny dikeltmek; dik rezerwuarlaryň demriniň poslamasy; parnik gazy we klimatyň üýtgemeginiň meselesi barada çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahatyň barşynda halypa işgärler bilen ýaş hünärmenleriň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra maslahat bölümçeleriň birnäçesinde öz işini dowam etdi.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan YBTGI-niň ýadawsyz, göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýan işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.