744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
08.07.2025
Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri hanym Folile Şakantuň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eswatini ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň esasy ugurlary hem-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji konferensiýasyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi