744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 9-njy oktýabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, Arkalaşygyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeleri we geljekki ugurlary barada aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmek bilen, meýilleşdirilen çäreleriň öz wagtynda we netijeli geçirilmegine uly ähmiýet berendigini belledi. Şu ýylyň dowamynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, Ykdysady Geňeşiň we beýleki düzümleriň mejlisleriniň geçirilendigi, olaryň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant goşandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidenti ähli gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetlerine, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Çykyşda Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe onuň geçen ýoluna ýokary baha berildi. Döwlet Baştutany döwletleriň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we bähbitlilik ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygyň binýadyny gorap saklandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem medeniýet, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Parlamentara gatnaşyklaryň hem işjeňleşýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini nygtady.

Çykyşda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy, şeýle hem 2026–2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny durmuşa geçirmek meseleleri barada aýdyldy.

Türkmenistanyň ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin mümkinçilikleri giňeltmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Bu ugurda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň maslahatynyň netijesinde kabul edilen «Awaza syýasy Jarnamasynyň» ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň sebit ulag arabaglanyşygyndaky möhüm ornuna ünsi çekip, Demirgazyk–Günorta ulag geçelgesiniň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem senagat-tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we önümçilik zynjyrlaryny döretmegiň zerurdygyny belledi.

Halkara meseleler boýunça aýdanda hormatlyPrezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Tertipnamasyny we halkara hukugyň ýörelgelerini gorap saklamagyň möhümdigini aýtdy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilendigini belläp, bu başlangyjy goldan döwletlere minnetdarlyk bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti GDA-da başlyklyk etmek başlangyjyna goldaw beren döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, ýurduň Arkalaşygyň çäklerinde dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça işini dowam etdirjekdigini aýtdy.