Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar diýlip, habarda aýdylýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly we uzakmöhletleýin häsiýeti nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň arasynda ýangyç-energetika toplumy, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamy, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryna maýa goýumlary ýaly ugurlar bar. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ulgamyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň örän wajyp ugry hökmünde görkezdiler. Ylym we bilim, medeniýet we sungat pudaklarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar halkara meýdançasynda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddinden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, türkmen tarapynyň oňa döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek ugrunda diplomatik işini ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Belläp geçsek, türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň oňyn mysallarynyň biri hem Gazar deňziniň kenarynda nebitgaz känlerini özleşdirmäge we işläp taýýarlamaga gönükdirilen iri taslamadyr. «Petronas Charigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» (Malaýziýadaky Petronas-yň şahamçasy) Önümi paýlaşmak hakynda şertnama laýyklykda, Blok – 1-de uglewodorodlary çykarmak bilen meşgullanýar. Mundan başga-da, hemaýatkärlik maksatnamasynyň çäklerinde ýüzlerçe türkmen talyby Malaýziýada ýörite bilim aldylar.