Türkmenistanyň gadymy nebit känleriniň biri bolan Goturdepe käninde şu ýylyň geçen on aýynda «gara altynyň» 895 müň tonnadan gowragy çykaryldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,5 müň tonna artykdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Şeýle hem bellenilişi ýaly, känden 361 mln kub metr ugurdaş gaz çykaryldy. Bu görkeziji ýyllyk aňlatmada 6% ösüş görkezdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň hünärmenleri «gara altyny» çykarmak boýunça döwlet tarapyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Goturdepe — Türkmenistanyň gadymy nebit käni bolup, ol 60 ýyldan gowrak mundan ozal senagat taýdan özleşdirilip başlandy.