Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni Dubaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan köpugurly türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garamaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçirilýän “COP28” maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri boldy. Döwlet Baştutany sammitde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigini nygtap, ýokary derejeli duşuşykda öňe sürlen başlangyçlaryň howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu derwaýys meseläni çözmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýan Türkmenistan howanyň üýtgemegine we onuň ýaramaz täsirlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa laýyklykda daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmak, ekologiýa taýdan we serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, hususan-da, nebitgaz, ulag we elektroenergetika ulgamlarynda ornaşdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Umumy pikire görä, türkmen ykdysadyýetiniň bu möhüm pudaklary uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek we bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bar bolan kuwwaty has doly derejede amala aşyrmaga ýardam berer. Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine BAE-de tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, emirlikler tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.