5-7-nji dekabrda Aşgabada «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ABŞ — Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň forumy geçiriler. Şonuň çäklerinde ABŞ-nyň wekilleri Türkmenistana her ýylda däp bolan ýyllyk iş saparyny amala aşyrar diýip, ORIENT agentligi USTBC-e salgylanyp habar berýär. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň birnäçe ýokary derejeli Hökümet agzalary bilen "tegelek stol" görnüşli maslahatlaşmalar we ABŞ-nyň ilçihanasy bilen özara gepleşikler geçiriler. «Ýyldyz» myhmanhanasynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşarlar. «ABŞ — Türkmenistan» Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň düzümine “Climate Compass”, “Case New Holland”, “Honeywell”, Jon Dir, “Palo Alto Networks”, “Visa” we “Westport Trading Europe Ltd.” ýaly kompaniýalaryň wekilleri girer. 2023-nji ýylyň aprelinde birnäçe amerikan kompaniýalarynyň top-menejerleri Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda boldular. Şonda USTBC-niň ýerine ýetiriji direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi.