744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
05.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa we ABŞ-nyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşar

Waşington şäherinde 6-njy noýabrda Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Ol çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar.

Belleýşimiz ýaly, bir gün öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hut özi türkmen kärdeşine hat iberip, Ak tama Merkezi Aziýanyň beýleki döwlet baştutanlary bilen duşuşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň maksady ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, howpsuzlygy berkitmek we Merkezi Aziýa sebiti bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti