Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji noýabrda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, onuň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar, amala aşyrylan bejeriş işleri, bu düzümiň halkara hyzmatdaşlygy, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary, onuň serişdeleriniň sarp edilişi ýaly meseleleriň mejlisiň gün tertibiniň esasynda durýandygyny belledi.
Gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Rejep Bazarow gaznanyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, Milli Liderimiziň maslahatlaryndan ugur alyp, gaznanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, onuň Tertipnamasyna täzeden seredilendigini hem-de goşmaçalar girizilip, taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Hususan-da, Tertipnamanyň täze taýýarlanan görnüşinde gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek meselesi hem-de Esaslandyryjynyň ygtyýarlyklary beýan edildi.
Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat düzümi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan bejeriş işleri, halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilişi barada çykyş etdi.
Gaznanyň wise-prezidenti häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalaryň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Olar kämil hünärli çaga lukmanlarynyň ýörite gözegçiliginde saklanýar.
Atabaýewa abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini, degişli ugurlar boýunça özara ylalaşyklaryň gazanylýandygyny we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilýändigini aýtdy. Dünýä ýurtlaryndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge teklipler yzygiderli gelip gowuşýar.
Mejlisde gaznanyň Tertipnamasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary barada çykyş etmek üçin gaznanyň hukukçysy Maýagözel Hojamberdiýewa söz berildi.
Hojamberdiýewa häzirki döwürde Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyna” we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, çaganyň ýaşamaga, ösmäge, saglygyny goramaga we bilim almaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek, olar üçin ýola goýulýan hyzmatlary, berilýän goldawy halkara ülňülere laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hukukçy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda hem-de gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalaryny Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz Tertipnamanyň taslamasyna laýyklykda, gaznanyň Esaslandyryjysynyň gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi gaznanyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň — wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýükläp bilýändigini aýdyp, gaznanyň düzümine täze esaslandyryjylary girizip bilýändigini, şeýle-de Esaslandyryjynyň öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň birine geçirmek hakynda karara gelip bilýändigini belledi.
Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi.