Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji noýabrda täze şäheriň “Arkadag” atly seýilgähine bardy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we şäheriň häkimi Gülşat Mämmedowa ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, “Arkadag” seýilgähinde behişdi bedewleriň, söwda kerweniniň heýkellerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada Gahryman Arkadagymyza hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekiller türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, taryhy döwürlerini alamatlandyrar. Şekilleriň seýilgähiň beýleki desgalary we suw çüwdürimleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berildi. Bu ugurda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde tagalla edilýär.
Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän şekilleri synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Seýilgähiň çäklerinde oturdyljak söwda kerweniniň şekilleri halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan ählihalk söýgüsini aňlatmalydyr. Gahryman Arkadagymyz ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna, olaryň görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini belledi.
Şeýlelikde, bu babatda ýerine ýetirilen işler häzirki zaman talaplaryna we milli ýörelgelerimize doly laýyk gelmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.