744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
06.11.2025
Türkmenistan we Eýran sebitara gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabatda 5-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Ahal welaýaty bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda ozal gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany hasaba almak bilen, sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanmanyň bardygy aýratyn bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň we Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda geljegi uly bolan we özara bähbitli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen teklipler öňe sürüldi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi