744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
07.11.2025
Astanada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Gazagystan Respublikasynyň M.S.Narikbaýew adyndaky Döwlet hukuk uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi Batyr Rejepow Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen üç gezek tassyklanandygyny nygtady.

Soňra Gazagystan Respublikasynyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda yzygiderli we jogapkärçilikli çemeleşmäniň nusgasy hökmünde giňden tanalýandygyny bellediler.

Gazagystandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlary hem aýratyn üns merkezinde boldy. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky möhüm goşandyny bellediler.

Çäräniň çäklerinde kitap sergisi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň baý ruhy we medeni mirasyny şöhlelendirýän neşirler görkezildi. Myhmanlara Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky üstünlikleri barada gürrüň berýän wideoýazgy görkezildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi