744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
28.12.2023
Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

26-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda belent mertebeli myhmanlaryň Sankt-Peterburgda bolmagynyň maksatnamasyna laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Russiýanyň medeni paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp gördüler. Hususan-da, “Pawlowsk” döwlet muzeý-goraghanasynyň, Puşkin şäherçesindäki “Sarskoýe selo” döwlet muzeý-goraghanasynyň, “Petergof” döwlet muzeý-goraghanasynyň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda Konstantin köşgünde ýerleşýän “Kongresler köşgi” döwlet toplumynda resmi däl sammit geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi we Täze ýylyň öň ýanyndaky resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi. Çykyşyň dowamynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine gysgaça seljerme berildi we GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işleriň ýakyn geljek üçin esasy ugurlary kesgitlenildi.

Umuman, 2023-nji ýyl Arkalaşyk üçin örän netijeli boldy. Bellenilişi ýaly, ähli göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli ýerine ýetirildi, gazanylan ylalaşyklar bolsa dostlukly ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli täze ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança hökmünde garap, yzygiderli esasda anyk teklipleri öňe sürýär. Hyzmatdaşlygyň döwrüň talap edýän görnüşlerini işläp taýýarlamak bu teklipleriň baş maksadydyr.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji oktýabrynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze netijeli başlangyçlar bilen çykyş edendigini bellemek gerek. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi GDA-nyň çäklerindäki köpýyllyk döwletara gatnaşyklara itergi bermäge, diňe bir Arkalaşygyň giňişliginde däl, eýsem, tutuş dünýäde-de howpsuzlygy, durnuklylygy, okgunly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmen tarapy GDA-nyň ykdysady bähbitlerini onuň geografik çäklerinden daşarda ilerletmegiň, bilelikdäki taslamalara goňşy ýurtlary we sebitleri çekmegiň möhümdigini bellemek bilen, giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgelerini ösdürmek bilen baglylykda, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi. Çäk taýdan goňşy we ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklar bilen baglanyşýan GDA döwletleri häzirki döwürde uly artykmaçlyklara eýedir. Bu artykmaçlyklaryň doly derejede peýdalanylmagy bolsa ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Ýakynda — 19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Arkalaşyk boýunça hyzmatdaş ýurtlar şol resminamalaryň awtordaşlary bolup çykyş etdiler.

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyndan ugur alyp, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Ýakyn we uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde döwlet Baştutanlary şu ýyl dürli forumlarda, çärelerde we duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň, gazanylan ylalaşyklaryň dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine GDA-nyň giňişliginde döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdiler.

Umuman, sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ýokary derejeli resmi däl görnüşdäki bu duşuşyk GDA gatnaşyjy ýurtlaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar, özara bähbitlilik we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak esasynda bilelikde ösdürmäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin Serdar Berdimuhamedowy iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.