744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
14.11.2025
Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň başlygy Türkmenistanyň sanly aragatnaşygy ösdürmäge goşan goşandyny ýokary baha berdi

12-14-nji noýabr aralygynda Aşgabatda "Türkmentel-2025" halkara sergisi we ylmy maslahaty, şeýle hem "Halkara ulag geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş - 2025" atly maslahaty we sergisi geçirilýär.

Forumyň dowamynda Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (ITU) Baş sekretary Doreen Bogdan Martin Türkmenistanyň giper baglanyşykly dünýä ýetmekdäki goşandyny ýokary baha berdi.

"Türkmenistan sanly infrastrukturany döretmekde uly öňegidişlik gazandy. Türkmeniň hünärmenleri sanly çözgütleri we tehnologiýa pudagyndaky iň soňky üstünlikleri birleşdirýän döwrebap «akylly» Arkadag şäherinde 5G aragatnaşyk standartyny işe girizdiler", - diýip, halkara guramasynyň ýolbaşçysy belledi.

Ählumumy gün tertibine geçip, HTB-niň Baş sekretary häzirki global hereket meýilnamasynyň sanly deňsizligi aradan aýyrmak we giper baglanyşykly dünýä gazanmak üçin, takmynan 2030-njy ýyla çenli uly maliýe serişdeleriniň we wagtyň gerekdigini görkezýändigini belledi.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Doreen Martin "Türmentel 2025" halkara forumynyň netijeli ornuna aýratyn ünsi çekdi.

"Biz biri-birimizden öwrenmegi dowam etdirmelidiris; birleşmelidiris we biri-birimiziň täze çözgütlerimizi ösdürmelidiris. Şeýle hyzmatdaşlyk umumy maksatlara ýetmek üçin hemişe möhümdir. Şonuň üçin biz "Türmentel 2025" forumynyň hakyky halkara forumdygyna, biri-birimizden öwrenmegimiz we birleşmegimiz üçin ajaýyp platforma bolup hyzmat edýändigine çuňňur ynanýarys", - diýip, HTB-niň Baş sekretary aýtdy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti