744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
14.11.2025
BMG Türkmenistanyň gender deňligi üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa 13-nji noýabrda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.

Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işinde çagalaryň saglygy, ösüşi, bilimi, durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp, BMG-niň hut şu meseleler boýunça işleýän ýöriteleşdirilen edaralarynyň bardygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şlapaçenko Awazada guraljak halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigi nygtaldy. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Türkmenistanyň gender deňligini, şol sanda zenanlaryň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna, bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berýändigini we goldaýandygyny belledi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti