Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň medeni we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalarynda, seýilgählerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, olaryň daş-töwereginde dürli görnüşli agaç nahallaryny, bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, şanly senä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabadyň şaýollaryny, köçelerini bezemek boýunça degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly paýtagtymyzda abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.