Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew 14-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler awtomobil ulag serişdelerinde işleriň guralyşyny kämilleşdirmäge, ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ulaglary pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady hem-de awtomobil ulagynda ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak işini kämilleşdirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.