Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kärdeşlerini suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlykda raýdaşlyk görkezmäge we ekologiýa meselelerini çözmek üçin bilelikdäki tagallalary güýçlendirmäge çagyrdy.
«Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek we raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Döwlet Baştutany ekologiýa abadançylygyň bitewüligi mowzugynda ünsi jemläp, Aşgabat sebitiň ekologiýa meseleleri boýunça, ilkinji nobatda, Aral deňzini halas etmek we çölleşmä garşy göreşmek ýaly inçe meselelerde bilelikdäki tagallalary artdyrmagyň tarapdarydygyny belledi.