744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
18.11.2025
Türkmenistan Özbegistan bilen gaz pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny bildirdi

Daşkent şäherinde 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar energiýa pudagynyň ösüşine aýratyn üns berdiler.

Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy Özbegistana eksport edilýär.

Gaz pudagynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy özara kabul ederlikli şertlerde çuňlaşdyrmaga taýýardygyny, gaz ulgamynda strategik hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem oba hojalygy, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ekologiýa tehnologiýalary, dokma we derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak wajypdyr.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti