«Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde (Awaza milli syýahatçylyk zolagy) ilkinji milli gury ýük gämisi – «Gadamly» suwa goýberildi.
Ýük göterijiligi 6100 tonna we uzynlygy 123 metr bolan «Gadamly» gury ýük gämisi halkara tehniki-ulanyş ülňülerine doly laýyk gelýär. «Balkan» zawodynyň baş inženeriniň orunbasary Eziz Matdyýewiň habar bermegine görä, gämi 240-a çenli ýük konteýnerini daşamaga we dört güne çenli awtonom görnüşde işlemäge ukyply. Ol häzirki zaman nawigasiýa we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen, onuň ekipažy bolsa 14 sany ýokary hünärli hünärmenden ybarat.
«Gadamlynyň» suwa goýberilmegi, eýýäm täze tankerler, paromlar we ýolagçy gämileri bilen üsti ýetirilen häzirki zaman deňiz söwda flotuny döretmek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aňladýar.
Häzirki wagtda «Balkan» zawodynda «Gadamly» gämisinde işe girizmek-sazlamak işleri tamamlanýar. Şol bir wagtyň özünde Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan ikinji şeýle gury ýük gämisiniň gurluşygy dowam edýär.