744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.11.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň sebitleýin tapgyry geçirildi. Milli el işleriniň gözelligini we baý mazmunyny açyp görkezýän bu döredijilik bäsleşigine welaýatyň etrapdyr şäherlerinde geçirilen tapgyrlaryň ýeňijileri bolan çeper elli gelin-gyzlar gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan çäre milli mirasymyzyň möhüm bölegi bolan keşdeçilik sungatyny giňden wagyz etmäge, ony ýaş nesillere ýetirmäge gönükdirildi.

Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar türkmen keşdeçilik sungatynyň inçe aýratynlyklaryny, nagyşlaryň manysyny we olaryň dörediliş aýratynlyklaryny tanyşdyrdylar. Çeper elli zenanlar taýýarlan milli lybaslaryny, keşde nagyşlaryny we el işlerini görkezmek bilen, olaryň taryhy ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Şeýle-de özleriniň döredijilik çykyşlarynda goşgulary, gazallary we halk döredijiliginiň nusgalaryny peýdalanyp, milli sungata bolan buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen keşdeçiliginiň asyrlaryň dowamynda kemala gelen medeni gymmatlyk hökmünde häzirki döwürde hem täze öwüşginler bilen ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle bäsleşikler milli mirasy gorap saklamak, ýaşlaryň arasynda el hünärlerine bolan gyzyklanmany artdyrmak we döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Esenguly etrabynyň çeper elli zenanlaryndan düzülen topar birinji orna mynasyp bolup, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Balkanabat şäheriniň topary ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň topary bolsa üçünji orny eýeledi.

Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan ähli zenanlara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Geçirilen bu çäre türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň, aýratyn-da, milli keşdeçilik sungatynyň häzirki döwürde hem uly sarpa eýe bolup, dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.