Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň professor-mugallymlary hem-de «Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak» hünärinde bilim alýan talyplar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda göçme okuw sapaklaryny yzygiderli geçirýärler.
Okuw sapaklarynyň esasy maksady talyplaryň nazary bilimlerini ylmy merkezlerde alnyp barylýan amaly barlaglar bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Sapaklaryň dowamynda ýaşlar Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň düzümi, döwrebap tejribehanalaryň işi, alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň ugurlary we olaryň netijeleri bilen ýakyndan tanyşýarlar.
Ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-barlag edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilim we ylmy işleri özara utgaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen binýatlyk kafedralary döredildi.
Şolaryň hatarynda uniwersitetiň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy boýunça binýatlyk kafedrasy hem bolup, ol Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Merkezi barlaghanasynyň we Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynyň mümkinçilikleriniň esasynda döredildi.
Binýatlyk kafedranyň işiniň esasy ugurlarynyň biri ýaş hünärmenleri häzirki zaman ylym, tehnika we tehnologiýanyň gazananlary esasynda taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu ugurda Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň ylmy mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy, tejribeli alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw işleriniň kämilleşdirilmegi hem-de innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Şeýle hyzmatdaşlyk talyplara ekologik howpsuzlyk, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak ugurlarynda döwrebap bilimleri hem-de amaly endikleri ele almaga mümkinçilik berýär.