744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.11.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersiteti tarapyndan «Halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor» derejesiniň berilmegi hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan «Strategik dostluk» nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çärä döwlet edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlaryna, şol sanda türki döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentine berlen hormatly derejäniň we sylagyň döwlet Baştutanynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki, dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň nyşanydygy nygtaldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Şener Jebejiniň çykyşynda iki ýurduň halklaryny birleşdirýän taryhy we medeni ýakynlygyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem doganlyk halklaryň dostlugynyň nyşany hökmünde açylan täze Türki döwletleriniň medeniýet seýilgähiniň ähmiýetine üns çekildi.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesiniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, döwlet edaralarynyň we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek hem-de strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. Resminamada Hajettepe uniwersitetiniň hormatly derejesiniň we DEİK-niň «Strategik dostluk» nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar we hoşallyk sözleri beýan edildi.