Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji noýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çykyş edip, häzirki wagtda Mejlisiň 22-nji noýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen baglaşan halkara şertnamasyny hem-de öň goşulan Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanun taslamalaryna garalar. Şeýle-de “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu resminama ýurdumyzda sanly aktiwleriň bazarynyň ygtybarly esasda hereket etmegi üçin hukuk, tehnologik we guramaçylyk binýadyny kemala getirmegi göz öňünde tutup, bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk çäreleri, olaryň möhletlerini, jogapkär edaralary belleýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu babatda göz öňünde tutulan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara ibermegiň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň netijeli işlemegini gazanmak maksady bilen taýýarlanan degişli teklibi hödürledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny bökdençsiz we doly kuwwatynda işletmek üçin ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenişi ýaly, “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabaralaryny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Halkara ýük howa gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini, logistika babatda özüne çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Munuň özi halkara ýük howa daşamalary ulgamynda Watanymyzyň ornuny berkitmekde möhüm ädimleriň biri boldy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.