Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 21-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenişi ýaly, yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara saparlar we duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.