744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
22.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç we energetika pudagynyň ösüşi baradaky hasabaty diňledi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow 21-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, konserne degişli kärhanalarda bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda göz öňünde tutulan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara ibermegiň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň hem-de ony daşarky bazarlara ygtybarly ibermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti