744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
24.11.2025
Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 22-nji noýabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, bu ýerleriň bezeg aýratynlyklaryna, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunda gök zolaklar talabalaýyk bolmalydyr we alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri ýokary ekologik talaplara laýyk gelmelidir.

Hormatly Arkadagymyz ähli çäreler ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň ugurlaryna doly laýyk gelmelidigni aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzda alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleri häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda dowam etdirmek, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek barada maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Şunda halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, myhmanlara milli myhmansöýerlik däpleri esasyndaky hyzmatlary hödürlemek babatda hemme zerur şertler döredilmelidir. Şeýle-de guralýan hyzmatlar myhmansöýerlik däplerine doly laýyk gelmelidir. Munuň özi gelýän myhmanlarda mähriban Watanymyz we zähmetsöýer türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolar diýip, Milli Liderimiz nygtady we degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ugrunda dag çeşmeleriniň suwundan emele gelen suw howdanynyň deňinde saklandy. “Bitaraplyk» suw howdany” diýlip atlandyrylan bu howdan paýtagtymyzyň ak mermerli binalary bilen sazlaşyp, ynsan kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar. Sahawatly topragyň berekedine bereket goşýan suwuň ähmiýeti barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz howdanyň arassaçylyk derejesine we suwuň rejeli ulanylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Şoňa görä, degişli ýolbaşçylara suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, sil suw akabalaryny kadaly ulanmak babatda maslahatlar berildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti