744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
24.11.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda geçiriljek Halkara forum bilen baglanyşykly birnäçe görkezme berdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 22-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak wekilçilikli forumyň guramaçylyk derejesine degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisde garaljak meseleler barada aýdyp, forumyň we onuň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Baýramçylyk günlerinde Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň söwda merkezlerinde dürli görnüşli önümleriň, baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk harytlaryň söwdasynyň guralmagynyň wajypdygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz çärelere bagyşlanan giň möçberli sergä we halkara foruma gatnaşyjylara myhmansöýerlik däplerine laýyk gelýän hyzmatlaryň hödürlenilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz halkara çäräni we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işlere mynasyp goşant goşulmalydygyny aýdyp, olara meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlyk derejesine hemmetaraplaýyn üns berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde forumyň geçirilýän wagtynda myhmanhanalarda, çäräniň geçiriljek ýerlerinde ýokary derejeli aragatnaşyk we internet ulgamynyň mümkinçilikleri elýeterli bolmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz halkara çäreleri üstünlikli geçirmek bilen, alyp barýan işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi.

Mejlise gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti