Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji noýabrda döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde, haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçdiler.
Bellenişi ýaly, 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan wagtyndan bäri köp sanly ylalaşyklary öz içine alýan berk şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassyklaýan esasy resminama bolup durýar.