744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
25.11.2025
Aşgabatda ADNOC edarasynyň açylmagy: «Türkmennebit» bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Aşgabatda 24-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň iň iri halkara nebit kompaniýasy bolan Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) ýurdumyzyň paýtagtyndaky ilkinji edarasynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka, aýratyn-da, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen ADNOC-nyň arasynda ösdürilýän strategiki hyzmatdaşlygyň täze ösüş derejesine geçendigini görkezdi.

Täze edaranyň «Arkaç» işewürlik merkezinde ýerleşmegi, bilelikdäki taslamalaryň giň gerimde durmuşa geçirilmegine amatly şert döreder diýip garaşylýar. Dabara «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçysy Guwanç Agajanow, BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhameli, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistan energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde we durnukly ösüşi ilerletmekde dünýäniň öňdebaryjy energiýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» bilen ADNOC arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mazmuny giňäp, innowasion tehnologiýalara, sanlylaşdyrma çözüwlerine we ugurdaş pudaklarda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna aýratyn üns berilýär.

Şu ýylyň dowamynda ADNOC Türkmenistandaky gatnaşygyny has-da giňeltdi — kompaniýa «Petronas», «Türkmengaz» we «Türkmennebit» bilen bilelikde Hazar deňzindäki «Blok 1»-i özleşdirmek boýunça strategiki Ylalaşyga gol çekdi. Bu taslama soňky ýyllarda iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygynyň iň iri mümkinçilikleriniň biri hökmünde baha berilýär.

Açylyş dabarasynda çykyş eden BAE-niň ilçisi Ahmed Alhameli ADNOC-nyň Aşgabatdaky täze edarasyny diňe bir hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň däl, eýsem, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň durnukly geljege bolan bilelikdäki garaýşynyň beýany hökmünde häsiýetlendirdi. Diplomat hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Hökümetine goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasynda parahatçylyk, ösüş we rowaçlygyň mundan beýläk-de berkejekdigine ynam bildirdi.

Täze edara «Türkmennebit» bilen ADNOC arasynda has ýakyn işewür hyzmatdaşlygyň, bilelikdäki energetika taslamalarynyň we tehnologik hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine täze itergi berer diýip garaşylýar.