744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
19.12.2025
«Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri maglumat howpsuzlygy boýunça bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp boldular

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy gullugynyň başlygy Döwran Annageldi ogly Mämmettaganow «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy gullugynyň esasy inženeri Magtym Batyrowiç Mahtumow seýle-hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň EH we HM operatory Rejepmämmet Maksadowiç Durdyýew Türkmenistanda maglumat howpsuzlygy boýunça «Kiberbäsleşik» çäresiniň ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň arasynda geçirilen (umumydöwlet) tapgyrynyň netijesi boýunça III orna mynasyp boldylar.

Bäsleşik Türkmenistanyň Aragatnaşyk we Bilim ministrlikleriniň utgaşdyrmagynda her ýylyň aprel-oktýabr aýlarynda edaralaryň arasynda, toplumlaryň arasynda, soňra umumydöwlet tapgyrynda geçirilýär.

Türkmenistanyň maglumat giňişligini kiberhowplardan goramak, kiberhüjümleri ýüze çykarmak, duýdurmak, olaryň öňüni almagy başarýan hünärmenleriň kiberhowpsuzlyk babatynda bilim derejelerini ýokarlandyrmak we bu ugurda ýaş hünärmenleri höweslendirmek bäsleşigiň geçirilmeginiň maksatlarydyr. Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hünärmenleri, işgärleri, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşyp bilýärler.