744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
20.12.2025
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldadylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy dekabrda iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşdy.

Fukuşiro Nukaga belent mertebeli myhman bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde şu gezekki duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygy durnukly, yzygiderli häsiýete eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda dostluk toparlary hereket edýär. Bu toparlar kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde barha artýan ähmiýetini nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti