744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
22.12.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy ugrunda çykyş edýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy hem-de iş ýüzünde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini aýtdy. Ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýapon işewürliginiň sebitiň ösdürilmegine işjeň gatnaşmagy hyzmatdaşlygyň, gürrüňsiz, ileri tutulýan ugry hasap edilýär.

Nygtalyşy ýaly, dialogyň çäklerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde ählumumy tagallalaryň bölegi hökmünde Merkezi Aziýada “ýaşyl” geçişiň umumy çemeleşmelerini işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Bu ugurda howanyň üýtgemegi bilen bagly, şol sanda sebitde ýöriteleşdirilen merkezleriň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi baradaky başlangyçlary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi möhüm hasaplanýar. Bu meselede Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz özara baglanyşyk barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň ulag we üstaşyr baglanyşygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Biz hyzmatdaşlygyň adalatly, inklýuziw ýörelgeleriniň kemala getirilmeginiň zerurdygyndan ugur alýarys. Şunda täze ugurlar ozal hereket edýänleriniň ýerini tutman, olaryň üstüni ýetirýär. Biziň ýurdumyz Ýewropany, Ýakyn Gündogary hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitini birleşdirýän multimodal ulag taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär.

Şeýle hem Türkmenistan ýaşlaryň, talyplaryň we akademiki toparlaryň gatnaşyklaryny üpjün etmek maksady bilen, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Şeýle hem “Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy” atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurtlarymyzyň zenanlarynyň giň ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň bu teklibiň baş maksadydygyna ünsi çekdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti