744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
23.12.2025
Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda ammiak, karbamid we polimer öndürýän zawodlary gurar

Ýapon kompaniýalary ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ammiak hem-de karbamid öndürýän zawodyny, şeýle hem Gyýanly polimer zawodyny gurarlar. Bu barada şenbe güni Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çap edilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri baradaky Bilelikdäki metbugat beýanatynda aýdylýar.

Resminama laýyklykda, Gyýanly şäherçesinde ammiak hem-de karbamid öndürýän zawody dolulygyna gurmak boýunça şertnama 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda baglaşyldy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Gyýanly polimer zawodynda önümçiligi ýola goýmak boýunça birinji tapgyrda işleriň ýerine ýetirilmegi barada şertnama gol çekildi. Taslamanyň çäklerinde önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly zawodyň işini durnukly ýagdaýda ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawody gurmak taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny hem beýan etdiler.

Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan bu taslamalar Türkmenistanyň himiýa senagatynda önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.