Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalar hem guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen jemleýärler. Olaryň hatarynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň "Ekerem" buraw işleri müdirligi-de bar. Bu müdirligiň burawlaýjylarynyň şu ýylyň on bir aýynda gazanan ýokary ykdysady görkezijileri-de aýratyn bellenilmäge mynasyp.
"Ekeremli" burawlaýjylar Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäklerinde buraw işlerini alyp barýarlar. Olar on bir aýda 32 müň 722 metr çuňlugyň deregine, 35 müň 440 metr çuňlugy burawlamagy başardylar. Bu bolsa çuňlugyň meýilnamada görkezilenden 2 müň 718 metr artykmaç burawlanandygyny görkezýär. Netijede, burawlaýjylar göz öňünde tutulan meýilnamany 108,3 göterim berjaý etdiler.