2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebit-gaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň bu üýtgeşik ýerasty hazynasynyň serişde mümkinçiliklerini has-da açmaga we umuman, Türkmenistanyň energetika kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynda habar berlişi ýaly, «Galkynyş» ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek jemi ýedi tapgyrda meýilleşdirildi. Birinji tapgyr üstünlikli ulanmaga berlip, onuň çäklerinde ýylda jemi 30 milliard kubometr gaz arassalaýan üç sany gaz gaýtadan işleýän zawod guruldy we olar häzirki wagtda netijeli işleýärler.
«Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň dördünji tapgyry degişli halkara tenderde ýeňiji bolan CNPC kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Senagat taýdan özleşdirmegiň bu tapgyryny durmuşa geçirmek işleri eýýäm geljek ýylyň başynda başlanar we maslahatda bellenilip geçilişi ýaly, ol dolulygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler.
Bu ägirt uly ýatagyň tapgyrlaýyn üstünlikli özleşdirilmegi Türkmenistana tebigy gazyň hem ýurduň içinde, hem-de halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Hytaý türkmen tebigy gazynyň iň iri eksport edijisi bolmagyna galýar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçiriji ulgamynyň üç şahasy (A, B we C) arkaly ýylda takmynan 40 milliard kubometr «mawy ýangyç» iberilýär.
Dördünji şaha (D liniýasy) ulanmaga berleninden soň, gazyň möçberini ýylda takmynan 65 milliard kubometre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa dünýäniň iň çalt ösýän energetika bazarlarynyň birine iberilýän gazyň durnuklylygyny has-da berkider.
Şol bir wagtyň özünde, eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek Türkmenistanyň gaz syýasatynyň esasyny düzýär. «Galkynyş» ýatagy ýylda 33 milliard kubometr gaz geçirijilik ukyby bolan Türkmenistan — Owganystan — Päkistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi üçin serişde binýady hökmünde kesgitlenildi.
Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynda «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghana müdiri Irina Lurýewa «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň geljegi barada gürrüň berdi.
Bu ýatagy özleşdirmeklik 7 tapgyrdan ybarat bolan tapgyrlaýyn ösüş strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda birinji tapgyryň çäklerinde synag-senagat ulanylyşy alnyp barylýar. Ulanylyşda bolan guýularyň sany 52-ä deň bolup, ýene-de 7 guýy ulgama birikdirilmäge taýýarlanylýar. 8 sany guýuda bolsa işjeň burawlama işleri dowam edýär.
Bellenilişi ýaly, guýularyň ortaça taslama önümi gije-gündizde 1,5 million kubometre deňdir, gatlagyň mümkinçilikleri bolsa uzak wagtyň dowamynda her guýudan gije-gündizde 3 million kubometre çenli gaz almaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, 2022-nji ýylda gije-gündizde 3 million kubometr gaz bermäge ukyply 3 sany guýy ulanmaga berildi. «Gaffney Cline» kompaniýasynyň bilermenleri bilen bilelikde taýýarlanylan çaklamalara görä, her tapgyr boýunça durnukly gaz alma döwri 30 ýyldan gowrak bolar.
Ýakyn meýilnamalarda bu ýatagy özleşdirmegiň ikinji, üçünji we dördünji tapgyrlary bar. Gaz almagyň depgini kem-kemden artar, tapgyrlaýyn ösüş strategiýasy bolsa işleýän guýularyň tejribesini nazara alyp, maýa goýum akymlaryny netijeli paýlamaga mümkinçilik berýär.
Ähli tapgyrlar doly özleşdirilen ýagdaýynda, ýatagyň umumy ýyllyk gaz öndürijiligi takmynan 200 milliard kubometre ýetip biler.
«Galkynyş» ýatagy gaz gorlary boýunça dünýäde iň irileriň biridir. Britaniýanyň «Gaffney, Cline & Associates» garaşsyz kompaniýasy bu ýatagyň gorlaryny 27,4 trillion kubometr tebigy gaz möçberinde bahalandyrýar.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti